Woleýbolçy Gyzlar Üstünliklerini Dowam Etdirýär

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 3-nji bäsleşiginde Peruny 3-1 hasabynda ýeňdi.

2039191
Woleýbolçy Gyzlar Üstünliklerini Dowam Etdirýär

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy 2024 Pariž olimpiada oýunlarynyň seçip alyş bäsleşiklerinde B toparyndaky 3-nji bäsleşiginde Peruny 3-1 hasabynda ýeňdi.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Ýoýogi sport zalynda geçirlen bäsleşikde bäsdeşi Perunyň komandasyny 3-1 hasabyn ýeňdi.

Ilkinji iki bäsleşiginde Porto Riko bilen Bolgariýany 3-0 hasabynda ýeňen woleýbolçy gyzlar, şeýlelikde 3-nji bäsleşiginde hem üstünlik gazanmagyň hötdesinden geldi.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, ertir 4-nji bäsleşiginde Argentina bilen bäsleşer.

Seçip alyş bäsleşiklerinde ilkinji iki orny eýelän ýurtlar, Pariž olimpiada oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanar.



Degişli Habarlar