GastroANTEP medeniýet ýoly festiwaly 16-24-nji sentýabr aralygynda geçiriler
Gastronomiýa şäherindäki ussat aşpezlerden naharlaryň taýarlanyş tapgyrlaryny öwrenjek daşary ýurtly aşpezler, şol täze lezzetleri öz ýurtlarynda tanyşdyrarlar

Gastronomiýa şäheri Gaziantepde 16-24-nji sentýabr aralygynda geçiriljek GastroANTEP medeniýet ýoly festiwalynda şäheriň ajaýyp tagamlary ýerli we daşary ýurtly aşpezleriň üsti bilen dünýä tanadylar.
Gaziantep şäheriniň häkimligi bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan geçiriljek festiwala Ispaniýa, Portugaliýa, Fransiýa, Italiýa, Iordaniýa, ABŞ, Liwan ýaly ýurtlardan Mişlen ýyldyzlara laýyk görülen aşpezler gatnaşar.
Gastronomiýa şäherindäki ussat aşpezlerden naharlaryň taýarlanyş tapgyrlaryny öwrenjek daşary ýurtly aşpezler, şol täze lezzetleri öz ýurtlarynda tanyşdyrarlar.
Degişli Habarlar

Türkiye-Latwiýa duşuşygy Konýada geçiriler
Türkiyäniň milli futbol ýygyndysynyň Latwiýa bilen geçirjek duşuşygy Konýada geçiriler

Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesi tamam boldy
Trendýol Super Liganyň 6-njy hepdesinde geçirilen duşuşyklar we olaryň netijeleri