Hytaýly Syýahatçylar 3 Ýyl Soň Kappadokiýa Geldi
Hytaýly syýahatçylar Ürgüp we Awanos etraplary bilen Ortahisar, Uçhisar we Göreme etrapçalaryndaky taryhy ýerlere baryp gördi.
1988484

Hytaýly syýahatçylar 3 ýyl soň Türkiýaniň taryhy, medeni we tebigy gözellikleri bilen ýakyndan tanalýan syýahatçylyk merkezi Kappadokiýa geldi.
Hytaýly syýahatçylar, täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli goýlan gadagançylygyň otadan aýrylmagyndan soň Kappadokiýa gelmäge başlady.
Ýurtlaryndan howa ýoly arkaly ilki Stambula, soň Kappadokiýa gelen hytaýly syýahatçylar Ürgüp we Awanos etraplary bilen Ortahisar, Uçhisar we Göreme etrapçalaryndaky taryhy ýerlere baryp gördi.