Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda

Stambul howa menzili Halkara Howa menzilleri Geňeşiniň (ACI World) çap eden "2022-nji ýylyň Dünýäniň iň gelim-gidimli 10 howa menzili" sanawynda 7-nji hatarda durýar

1970729
Stambul howa menzili dünýäniň gelim-gidimli howa menzilleriniň hatarynda

Stambul howa menziliniň dolandyryjy kärhanasy IGA-nyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Halkara Howa menzilleri Geňeşiniň (ACI World) çap eden "2022-nji ýylyň Dünýäniň iň gelim-gidimli 10 howa menzili" sanawynda 2022-nji ýylda 64 milliondan gowrak ýolagça hyzmat berip, sanawyň 7-nji ornuna mynasyp boldyk. Bizi saýlan ähli ýolagçylarymyza minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi. 

Stambul howa menzili sanawda Atlanta, Dallas, Denwer, Çikago, Dubaý we Los-Anjeles howa menzillerinden soň 7-nji orunda durýar. 


Etiketkalar: #howa menzili , #Stambul

Degişli Habarlar