Halkara Ankara Aýdym-Saz Festiwaly Başlady

Festiwalda 13 ýurtdan 355 sungat ussady çykyş eder

1970482
Halkara Ankara Aýdym-Saz Festiwaly Başlady
uluslararasi ankara muzik festivali1.jpg
uluslararasi ankara muzik festivali.jpg

 

37-nji Halkara aýdym-saz festiwaly başlady.

3 ýyl soň Sewda Jenap And gaznasy tarapyndan Prezidentiň Simfoniki orkestynyň Ankaradaky zalynda geçirilýän festiwal, Fuad Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjanyň döwlet simfoniýa orkestriniň sungat ussatlarynyň türkiýeli we azerbaýjanly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirmegi bilen başlady.

Sewda Jenap And Aýdym-saz gaznasynyň başlygy Ali Başman, açylyş dabarasynda eden çykyşynda, festiwalyň girdejisiniň 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýer titremelerinde ejir çekenlere bagyşlanjakdygyny aýtdy.

Başman şu ýyl festiwalda 13 ýurtdan 355 sungat ussadynyň çykyş etjekdigini belledi.

Festiwal 28-nji aprele çenli dowam eder.



Degişli Habarlar