Ýer Titremelerinden Soň Adyýamana Ilkinji Syýahatçy Topary Geldi

Günorta Koreýaly syýahatçylar, sebitiň taryhy we syýahatçylyk ýerlerinme baryp görer.

1968862
Ýer Titremelerinden Soň Adyýamana Ilkinji Syýahatçy Topary Geldi
adiyaman guney kore turistler2.jpg
adiyaman guney kore turistler1.jpg
adiyaman guney kore turistler.jpg

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýer titremeleri zerarly uly ýitgi çeken Adyýamana ilkinji syýahatçy topary Günorta Koreýadan geldi.

Syýahatçylar, Adyýamanyň howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Ahmet Misbah Demirjan, garşylama dabarasyndan soň metbugata beren beýannamasynda, 56 gün ozal başdan geçirlen ýer titremelerinden soň Adyýamanda gündelik durmuşyň kadaly ýagdaýda dowam etdirilmegi üçin uly işleriň alnyp barylandygyny aýtdy.

Adyýaman üçin syýahatçylyk pudagynyň diýseň möhümdigine ünsi çeken Demirjan, ýer titremelerinden soň ilkinji syýahatçy toparynyň gelendigini nygtap “Syýahatçylyk möwsümi başlady” diýdi.

Demirjan, Adyýamanyň taryhy, medeniýeti, tebigy gözellikleri we aşhanasy bilen ünsleri özüne çekýändigini belledi.

Günorta Koreýaly syýahatçylar, Nemrut dagynyň başda durmagynda sebitiň taryhy we syýahatçylyk ýerlerinme baryp görer.

 



Degişli Habarlar