Kuşadasyna 1997 Syýahatçy Geldi
Kruiz gämisiniň ýene-de 3 gezek Kuşadasyna gelmegine garaşylýar
1966899

Kruiz syýahatçylygynyň esasy merkezlerinden biri bolan Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna Bermuda degişli kruiz gämisi “Yzland Prinsess” bilen 1997 syýahatçy geldi
Kuşadasy Ege Portuna gelen esasy bölegi Amerikaly syýahatçylaryň bir bölegi İzmiriň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäherine we Bibi Merýemiň öýüne baryp gördi.
Syýahatçylaryň galan bölegi bolsa Kuşadasy bazaryndan sowgatlyk satyn aldy.
“Prensess Gruises” firmasyna degişli kruiz gämisiniň ýene-de 3 gezek Kuşadasyna gelmegine, firma degişli beýleki gämileriň bolsa etaba möwsümiň dowamynda 13 sapar guramagyna garaşylýar.
Degişli Habarlar

“Crown Iris” Atly Kruiz Gämisi Alanýa Geldi
Kruiz gämisiniň ysraýylly 1601 ýolagçysy bilen 601 ekipažy bar.