Türkiýä 2 Aýda 4 Million Syýahatçy Geldi

Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwri bilen deňeşdirilende 37,31 göterim artdy.

1964686
Türkiýä 2 Aýda 4 Million Syýahatçy Geldi

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwründe daşary ýurtly 4 million syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň 2023-nji ýylyň ilkinji 2 aýlyk syýahatçylyk görkezijilerine görä, ady agzalýan döwürde Türkiýä daşary ýurtly 3 million 876 müň 381 syýahatçy geldi.

Iki aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň ilkinji 2 aýlyk döwri bilen deňeşdirilende 37,31 göterim artdy.

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlaryny öz içine alýan döwürde Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany 105,99 göterim artdy.

Bolgariýadan iki aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 33,19, Germaniýadan gelenlerin sany 24,6 göterim artdy.

Iki aýda Russiýada 507 müň 513, Bolgariýadan 318 müň 11, Germaniýadan bolsa 288 müň 124 syýahatçy geldi.

Fewral aýynda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 21,35 göterim artyp 1 million 870 müň 414 adama ýetdi.

Fewral aýynda Russiýadan 227 müň 965, Bolgariýadan 150 müň 873, Germaniýadan bolsa 148 müň 169 adam Türkiýä geldi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar