Alanýa etrabyna ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi

Antalýa welaýatynyň Alanýa etrabyna şu ýylyň ilkinji kruiz gämisi bolan "The World" atly gämi bilen 142 syýahatçy geldi

1958499
Alanýa etrabyna ýylyň ilkinji kruiz gämisi geldi

Kipriň Limasol şäherinden gelen Bagama adalarynyň baýdagyny göterýän kruiz gämisi, aglabasy amerialy bolan 142 ýolagçysy we 293 işgäri bilen Alanýa portyna geldi. 

Gümrük işlerinden soň gämiden düşen käbir ýolagçylar awtobuslar bilen taryhy ýerlere alynyp gidildi, käbirleri Alanýa şäheriniň bazaryna we şäheriň merkezine gezelenç etmäge çykdylar. 

"The World" atly kruzi gämisi şu gün agşam etrapdan çykyp, Rodos adasyna tarap ýola çykar. 



Degişli Habarlar