Antalýa Iki Aýda Howa Ýoly Arkaly 450 Müň 283 Syýahatçy Geldi

Ady agzalýan döwürde Russiýadan Antalýa 132 müň 74 syýahatçy geldi.

1953819
Antalýa Iki Aýda Howa Ýoly Arkaly 450 Müň 283 Syýahatçy Geldi

Antalýa ýanwar aýynyň 1-i bilen fewral aýynyň 28-i aralygynda howa ýoly arkaly 450 müň 283 syýahatçy geldi.

Antalýa welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, Antalýa fewral aýynyň 1-i bilen 28-i aralygynda howa ýoly arkaly 230 müň 635 syýahatçy geldi.

Ýanwar aýynyň 1-i bilen fewral aýynyň 28-i aralygynda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany bolsa 450 müň 283 adama ýetdi.

Ady agzalýan döwürde Russiýadan Antalýa 132 müň 74 syýahatçy geldi.

Russiýadan soň sanawda 79 müň 797 syýahatçy bilen Germaniýa ikinji, 40 müň 10 syýahatçy bilen Britaniýa üçünji orny eýeledi.

Iki aýlyk döwürde howa ýoly arkaly Antalýa iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda Polşa, Ysraýyl, Gazagystan, Gollandiýa, Ukraina, Daniýa we Belgiýa esasy orun eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar