Harabalygyň Aşagynda Galan 8 Göreşçi Halas Edildi
Kahramanmaraş häkimliginiň türgenlerinden harabalygyň aşagyndan galan göreşçileriň halas edilmegi üçin uly tagalla edilýär
1943128

Türkiýäniň Göreş federasiýasy, güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde harabalygyň aşagynda galan göreşçilerden häzire çenli 8-niň halas edilendigini habar berdi.
Federasiýa tarapyndan berlen beýannamada, “Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinden soň Kahramanmaraş häkimliginiň türgenlerinden harabalygyň aşagyndan galan göreşçileriň halas edilmegi üçin uly tagalla edilýär. Häzire çenli 8 göreşçimiz halas edildi” diýildi.
Degişli Habarlar

Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi tamam boldy
Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi geçirilen 3 aýry duşuşyk bilen tamam boldy