Türkiye 2022-nji ýylda iň köp Germaniýadan syýahatçy kabul etdi
Türkiyä 2022-nji ýylda iň köp syýahatçy ugradan ýurt 5 million 679 müň 194 adam bilen Germaniýa boldy

Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň saýtynda berilen maglumatlara görä, Türkiyä 2022-nji ýylda 2021-nji ýyla garanyňda 71,07 göterimlik artyş bilen 51 million 387 müň 513 syýahatçy geldi.
Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlary aralygynda iň köp syýahatçy ugradan ýurtlaryň sanawynda, 5 million 679 müň 194 adam bilen Germaniýa 1-nji boldy.
2021-nji ýyla garanyňda 12,74 göterimlik artyşyň bolan Germaniýadan soň, 11,74 göterimlik artyş we 5 million 232 müň 611 adam bilen Russiýa 2-nji, 7,56 göterimlik artyş we 3 million 370 müň 739 syýahatçy bilen Beýik Britaniýa 3-nji boldy. Beýik Britaniýadan soň Bolgariýa we Eýran geldi.
Türkiyä 2022-nji ýylyň diňe dekabr aýynda syýahat eden daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 2021-nji ýylyň dekabr aýy bilen deňeşdirilende 26,79 göterim artdy we 2 million 399 müň 441 adam hökmünde hasaba alyndy.
Degişli Habarlar

Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi tamam boldy
Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi geçirilen 3 aýry duşuşyk bilen tamam boldy