Stambul şäheri geçen ýyl öz ilaty derejesinde syýahatçy kabul etdi

2022-nji ýylda Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany, 2021-nji ýyla garanyňda 77 göterimlik artyş bilen 16 million 18 müň 726 adama ýetdi

1940621
Stambul şäheri geçen ýyl öz ilaty derejesinde syýahatçy kabul etdi

Stambulyň Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, şähere geçen ýyl gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 16 million 18 müň 726 adam boldy. 

2021-nji ýylda 9 million 25 müň 4 daşary ýurtly syýahatçy kabul eden şähere 2022-nji ýylda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 6 million 993 müň 722 adam artdy. 

2021-nji ýylda Stambul iň köp syýahat eden daşary ýutrlylar germaniýalylar bolan bolsa, 2022-nji ýylda  şähere iň köp syýahat eden russiýalylar boldy. 

Geçen 2022-nji ýylda Stambula 1 million 495 müň 24 rus geldi. 

Russiýadan soň 1 million 237 müň 314 syýahatçy bilen Germaniýa, 1 million 97 müň 993 syýahatçy bilen Eýran, 717 müň 107 syýahatçy bilen ABŞ, 613 müň 199 syýahatçy bilen Beýik Britaniýa, 567 müň 475 syýahatçy bilen Fransiýa, 473 müň 563 syýahatçy bilen Ysraýyl, 423 müň 945 syýahatçy bilen Yrak, 390 müň 353 syýahatçy bilen Saud Arabystany, 388 müň 926 syýahatçy bilen Kuweýt gelýär. 


Etiketkalar: #Stambul , #syýahatçy

Degişli Habarlar