“Açyşyň Ataşy” Dokumental Filmi Stambulda Görkezildi
Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Gara deňizden tebigy gaz käniniň nähili tapylandygyny gürrüň berýän “Açyşyň Ataşy” atly dokumental filmin Stambuldaky görkezlişine gatnaşdy.

Ministr Dönmez ol ýerde sözlän sözünde Türkiýäniň gelcegine şöhle saçýanlaryň, Türkiýäniň eşretli gelcegi üçin zähmet çekýänleriň başdan geçirmelerine şaýatlyk edilcekdigini aýtdy.
Gara deňizdäki taslamanyň uly üstünlikdigini beýan eden Dönmez; “Bu waka özüni ýurduna bagşedenleriň üstünligidir. Bu üstünlik Türkiýäniň geleceğine, gelecek nesillerimize güýçli miras göýüp gitmek üçin maşgalasyndan, çagalaryndan, ýakynlaryndan alysda bolanlaryň üstünligidir” diýdi.
Gara deňiz gazynyn aňyrsynda duran agyr zahmeti “Açyşyň Ataşy” filmi bilen bir sagada sygdyrmaga çalşandyklaryny aýdan Dönmez; “Bilşiňiz ýaly şol gicäniň gahrymanlarynyň, şol gicäniň baş roluny oýnanlaryň üstünligi bir gicä sygmaz. Biz diňe şol üstünligi suratlandyrdyk. Türkiýäniň energetika taryhy täzeden ýazylýarka, bu üstünlikleriň ýatdan çykarylmagyna razy bolmadyk” diýdi.
Degişli Habarlar

Eýranly Syýahatçylar Nowruz Baýramy Üçin Wana Geldi
Eýranly syýahatçylar, Nowruz baýramyny Wan şäherindäki dynç alyş merkezlerinde belläp geçýär.

Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi tamam boldy
Sport Toto Super liganyň 26-njy hepdesi geçirilen 3 aýry duşuşyk bilen tamam boldy