Antalýa syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar
Antalýada syýahatçylar we ýerli ilat howanyň ýyly bolmagy sebäpli deňizde we kanoede ýüzüp wagt geçirdiler
1936265





Howanyň we deňiziň ýylylygynyň 18 gradusa baryp ýeten Antalýada hepdäniň ahyryndaky ýyly howadan peýdalanmak isleýän adamlar deňiziň kenaryny doldurdylar.
Konýaalty, Lara we Sarysu plažlaryna gelen adamlar güne ýandylar, käbirleri bolsa deňize girip suwa düşdüler, käbir adamlar bolsa kanoe münüp Ortaýer deňiziniň ýyly suwlarynda ýüzüp wagt geçirdiler.
Beýleki tarapdan bolsa Konýaalty plažynyň golaýyndaky Beýdaglarynyň gar bilen gaplanmagy ünsleri özüne çekdi. Kenara diňe 50 km alysda ýerleşýän Saklykent lyža merkezinde hem köp sanda adam lyžada typdylar.
Degişli Habarlar

Malatýa Şäher Häkimliginiň Sport Komandasynyň Iki Türgeni Ýer Titremesinde Ýogaldy
Milli woleýbolçysy Mehmet Jan Agyrbaş bilen Eminjan Kojabaşyň ýogalmagyna uly gynanç bildirýäris.