Germaniýada “Ýewropa Maşgalalar Güni we Türk Medeniýet Festiwaly” Dowam Edýär

Germaniýanyň Ştuttgart şäheri ýylyň soňky günlerinde möhüm festiwallardan birine ýer eýeçiligini edýär.

1923737
Germaniýada “Ýewropa Maşgalalar Güni we Türk Medeniýet Festiwaly” Dowam Edýär
almanya turk kultur festivali.jpg
almanya turk kultur festivali.jpg

Halkara Jemgyýetçilik guramalaryna goldaw we güýçlendirme jemgyýeti bilen Din işleri Türk yslam bileleşigi tarapyndan hepdäniň ahyrynda açylan “Ýewropa Maşgalalar güni we türk medeniýet festiwalyna” uly gyzyklanma bildirilýär.

Türkiýeden ýazyjylaryn, sungat ussatlarynyň we çagalar üçin teatr toparlarynyň gatnaşýan festiwalynda türk medeniýetinin keramika, syrça we aýna sungaty bilen mili türk tagamlary üçin ýörite pawionlar açyldy.

Fetiwalda iýip-içgi, gastronomiýa, sowgatlyk goşlar bölümleri, dürli el hünärleri we kitap ýarmarkasy uly gyzyklanma döretdi.

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam etjek festiwala baranlar türk medeniýetiniň öwüşginleri bilen tanyşarlar.



Degişli Habarlar