Türkiýä Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

9 aýda Germaniýadan 4 million 527 müň 853 adam dynç almak üçin Türkiýä geldi.

1898655
Türkiýä Gelen Syýahatçylaryň Sany Artdy

Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany ýanwar-sentýabr aýlaryny öz içine alýan 9 aýlyk döwürde 94 göterim artyp 39 million 390 müň 915 adama ýetdi.

9 aýda Germaniýadan 4 million 527 müň 853 adam dynç almak üçin Türkiýä geldi.

9 aýda Germaniýadan Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany 99, 6 göterim artdy.

Sanawda ikinji ýerde durýan Russiýadan 9 aýda 3 million 864 müň 898 syýahatçy geldi. Russiýadan gelen syýahatçylaryň sany hem 11,8 göterim artdy.

Ady agzan döwürde Britaniýadan 2 million 817 müň 272 syýahatçy geldi.

Britaniýadan soň nobaty bilen Bolgariýa we Eýran esasy orun eýeledi.

 

 



Degişli Habarlar