Göbeklidepä 8 Aýda 495 Müň 715 Syýahatçy Geldi

ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Göbeklidepä üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 495 müň 725 syýahatçy geldi

1883826
Göbeklidepä 8 Aýda 495 Müň 715 Syýahatçy Geldi

Şanlyurfada ýerleşýän 12 müň ýyllyk geçmişi bilen “taryhyň başlangyjy” hökmünde häsiýetlendirlen we BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Göbeklidepä üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe 495 müň 725 syýahatçy geldi.

Prezident R. T. Erdogan tarapyndan 2019-njy ýylyň “Göbeklidepe ýyly” hökmünde yglan edilmeginden soň şol ýyl Göbeklidepä 412 müň 378 adam gelipdi.

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 2020-njy ýylda Göbeklidepä 197 müň 912 adam gelip gördi.

2021-njy ýylda epidemiýa sebäpli 5 aý ýapyk bolan Göbeklidepe 567 müň syýahatçy bilen uly rekord goýdy.

Üstümizdäki ýylyň 8 aýlyk döwründe bolsa Göbeklidä gelen syýahatçylaryň sany 495 müň 725 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar