Bütidünýä Zenanlar Woleýbol Çempionady Başlaýar

Şu ýyl 19-njysy geçiriljek we 15-nji oktýabra çenli dowam etjek Bütin dünýä zenanlar woleýbol çempionadyna 24 ýurt gatnaşar.

1883291
Bütidünýä Zenanlar Woleýbol Çempionady Başlaýar

Zenanlaryň arasynda woleýbolda dünýäniň iň başarjaň ýurtlaryny duşuşdyrjak Halkara Woleýbol federasiýasynyň dünýä çempionady Gollandiýanyň we Polşanyň ýer eýeçiliginde şu gün başlaýar.

Şu ýyl 19-njysy geçiriljek we 15-nji oktýabra çenli dowam etjek Bütindünýä zenanlar woleýbol çempionadyna 24 ýurt gatnaşar.

Çempionada Gollandiýada we Polşada jemi 6 şäher eýeçiligini eder.

Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy B toparynda bäsleşer.

Guramaçylygyň ilkinji bäsleşigi 24-nji sentýabrda geçirler.

Bütin dünýä zenanlar woleýbol çempionadynda:

A toparynda: Gollandiýa, Italiýa, Belgiýa, Porto-Riko, Kamerun, Keniýa

B toparynda: Türkiýe, Polşa, Dominik Respublikasy, Günorta Koreýa, Taýland, Horwatiýa

J toparynda: ABŞ, Serbiýa, Germaniýa, Bolgariýa, Kanada, Gazagystan

D toparynda: Braziliýa, Hytaý, Ýaponiýa, Kolumbiýa, Argentina we Çeh Respubliklasy bäsleşer.



Degişli Habarlar