Pamukkale tomus aýlarynda hem syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar

Trawertinleri we taryhy ýerleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanan Denizli welaýatyndaky "Ak Jennet" Pamukkale, tomus aýlarynda hem syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar

1864717
Pamukkale tomus aýlarynda hem syýahatçylaryň üns merkezinde bolmagynda galýar
pamukkale2.jpg
pamukkale1.jpg
pamukkale.jpg

Medeni we tebigy gözellikleri bilen meşhurlyk gazanan sebite dünýäniň dört künjeginden gelýän syýahatçylar, ol ýerdäki gözellikleri görmekden lezzet alýarlar. 

Denizli welaýatynyň Syýahatçylyk myhmanhanalary we dolandyryjylar jemgyýetiniň başlygy Gazi Murat Şen, geçen ýylyň ilkinji 7 aýynda 470 müň syýahatçyny kabul edendiklerini we şol sanyň şu ýyl 934 müňe ýetendigini habar berdi. 

Syýahatçylaryň tomus aýlarynda esasan hem Pamukkale gezelenç edýändigini aýdan Şen: "Iýul, awgust we sentýabr aýlarynda Pamukkale örän gyzgyn bolýar. Kölege ýerlerde howanyň gyzgynlyk derejesi 40 gradusa ýetýär. Şoňa garamazdan adamlar bu ýere gezelenç etmäge gelýärler. Gije bu ýeriň görnüşi has hem gözel bolýar. Taryhy şäherler yşyklandyrylan mahaly bolsa syýahatçylaryň sany has hem artýar. Gije muzeý hyzmaty hem başlasa, biz maksatnamalarymyzy ýokarlandyrarys" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar