Iýun Aýynda Stambula 198 Ýurtdan Syýahatçy Geldi

Iýun aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany 115 göterim artyp 1 million 470 müň 586 adama ýetdi.

1862688
Iýun Aýynda Stambula 198 Ýurtdan Syýahatçy Geldi

 

Iýun aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 115 göterim artyp 1 million 470 müň 586 adama ýetdi.

Stambul welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, şähere üstümidäki ýylyň birinji ýarymynda 198 ýurtdan 6 million 755 müň 300 syýahatçy geldi.

Iýun aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň sany 115 göterim artyp 1 million 470 müň 586 adama ýetdi.

Geçen ýylyň iýun aýynda şähere 684 müň 621 syýahatçy gelipdi.

Iýun aýynda Stambula 1 million 447 müň 273 adam howa ýoly, 23 müň 313 adam hem deňiz ýoly arkaly geldi.

Iýun aýynda Stambula gelen syýahatçylaryň arasynda 126 müň 507 adam bilen Germaniýa birinji, 117 müň 169 adam bilen Russiýa ikinji, 99 müň 115 adam hem ABŞ üçünji orny eýeledi.

Iýun aýynda Stambula Britanitýadan 59 müň 901, Fransiýadan 48 müň 142,Yrakdan 45 müň, Kuweýtden 40 müň 57, Özbegistandan 36 müň 290, İordaniýadan 33 müň 417, Gazagystandan 31 müň 953, Ysraýyldan hem 28 müň 935 syýahatçy geldi.


Etiketkalar: #ABŞ , #syýahatçylyk , #Stambul

Degişli Habarlar