6 Aýda Stambula 6 Million 755 Müň Syýahatçy Geldi
Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany hakynda maglumat berdi.

Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, şähere iýun aýynda 1 million 470 müň 586, üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda bolsa daşary ýurtly 6 million 755 müň 300 syýahatçynyň gelendigini mälim etdi.
Ýerlikaýa sosial mediadan beren habarnamasynda, şähere iýun aýynda we 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany hakynda maglumat berdi.
Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa habarnamasynda, “Medeniýetiň, taryhyň we syýahatçylygyň merkezi şäherimize iýun aýynda daşary ýurtly 1 million 470 müň 586 adam geldi. Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany bolsa 6 million 755 müň 300 adama ýetdi. Deňsiz taýdan kaşaňlygyna eýe bolan Stambul şäherimiz myhmanlaryna garaşýar” diýdi.
Degişli Habarlar

Ertir Mewlid Kandili Gijesi Bellenilip Geçiler
Mewlid Kandili, asyrlardan bäri Hezreti Muhammediň doglan güni hökmünde bellenilip geçilýär.