Türk Pälwanlary 5 Altyn Medal Aldy

Türkiýe grek-rim göreşi boýunça 160 bal bilen çempionatda birinji orny eýeledi.

1855668
Türk Pälwanlary 5 Altyn Medal Aldy

Tunisde geçirlen çempionatda türk pälwanlary 5 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkiýe grek-rim göreşi boýunça 160 bal bilen çempionatda birinji orny eýeledi.

Hindistan guramaçylykda ikinji, Tunis bolsa üçünji orny eýeledi.

Guramaçylygyň soňky gününde 72 kilogram agyrlykda Murat Dag, braziliýaly we tunisli bäsdeşlerini ýeňip altyn meýdalyň eýesi boldy.

82 kilogram agyrlykda Emrah Kuş hem tunisli we hindistanly bäsdeşlerini ýeňip altyn medalyň eýesi boldy.

Furkan Baýrak 77 kilogram agyrlykda bolgariýaly bäsdeşinden ýeňildi we kümüş medal aldy.

Elwira Kamalogly bolsa 57 kilogram agyrlykda braziliýaly bäsdeşinden ýeňildi we kümüş medal aldy.

 



Degişli Habarlar