“TRT Halkara metaälem we ýaýlym forumy” UNİQ Stambulda öz işine başlady

“Türkiýäniň bar güýji bilen “metaälemiň” gurluşyk tapgyryna goşulmalydygyny pikir edýärin”

1841201
“TRT Halkara metaälem we ýaýlym forumy” UNİQ Stambulda öz işine başlady
zahid sobacı.jpg

 

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun terror guramalarynyň soaial mediada bökdençsiz propoganda alyp barýandygyny nygtap; “Türkiýäniň bar güýji bilen “metaälemiň” gurluşyk tapgyryna goşulmalydygyny pikir edýärin” diýdi.

Türkiýäiň radio-telewideniýe guramasy tarapyndan geçirilýän “TRT Halkara metaälem we ýaýlym forumy” UNİQ Stambulda öz işine başlady.

Forumy açan Altun; “Sosial media platformalarynyň ýetilen sepgide garalanda, bularyň dünýäniň öňünde goýýan faşizmi bütin adamzada “demokratiýa” ady bilen satylýandygyny görenimizde elbetde uly howpa sezewardygymyza göz ýetirýäris.

Ine şol sebäplerden Türkiýe ýaly özünden has uly gönül älemine wekilçilik edýän güýjüň ähli şertleri bilen “metaälemiň” gurluş tapgyryna goşulmalydygyny pikir edýäris” diýdi.

Foruma gatnaşan TRT-niň baş Müdiri Mehmed Zahid Sobajy bolsa: “TRT-niň “metaälemde alynky orunlarda orun eýelemegi we şol giňişlikde iň esasy ýaýlym organlaryndan biri bolmagy nazarda tutup, Türkiýäniň we dünýäniň belli “metaälem” dizaýn we tehnologiýa firmalary bilen hyzmatdaşlyk edip, dizaný we tehnologik infrastruktura taýýarlyklaryna başladyk” diýdi.

 



Degişli Habarlar