Müsürde B.e.ozalky 5-nji Asyrdan Galan Mumyýa we 150 Heýkel Tapyldy

Gadymy Müsürde ýaşaýyş zolagy hökmünde ulanylan we şalygyň gubyrlarynyň ýerleşýän taryhy Sakkara etrabynda geçirilen areheologik barlaglarda b.e.ozalky 500-nži ýyllardan galandygy çaklanylýan 250 mumyýa bilen 150 heýkel tapyldy.

1834809
Müsürde B.e.ozalky 5-nji Asyrdan Galan Mumyýa we 150 Heýkel Tapyldy

Ýurtdaky “Sada al-Beled” teleýaýlymynyň habar bermegine görä Giza şäherinde ýerleşýän taryhy Sakkara etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde Müsüriň gadymy döwrüne degişli täze eserler tapyldy.

2018-nži ýyldan bäri arheologik gazuw-agtaryş işleri dowam edýän Sakkara etrabynda 250 mumyýa bilen 150 heýkeliň tapylkandygy habar berildi.

Onuň, 2018-nži ýyldan bäri Sakkarada edilen iň uly açyşdygy mälim edildi.

B.e.ozalky 500-nži ýyllara degişlidigi çaklanylýan 250 agaç tabydyň tapydyň tapylandygy, içindäki mumyýalaryň hem gowy saklanandygy habar berildi.

250 mumyýanyň tapylan gubyrlaryndan birinde “Ölüler kitabyndan” käbir bölümleri öz içine alýandygy çaklanylýan papirüs tapyldy.

Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň Taryhy eserler boýunça Ýokary geňeşiniň baş Sekretary Mustafa Weziri, açylan gubyrlardan birinde “Ölüler kitabyndan” maglumatlary özünde jemleýandigi çaklanylýan papirusyň taplandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar