4 Aýda Türkiýä 9 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi

Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 172,51 göterim artdy.

1830963
4 Aýda Türkiýä 9 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi

Türkiýä üstümizdäki ýylyň ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 8 million 885 müň 876 syýahatçy geldi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, 2022-nji ýylyň 4 aýly döwründe Türkiýä jemi 8 million 885 müň 876 syýahatçy geldi.

Ady agzalýan döwürde Türkiýä gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 172,51 göterim artdy.

Germaniýadan 4 aýda Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 339,81 göterim artdy.

Bolgariaýdan gelen syýahatçylaryň sany 325,55, Eýrandan gelen syýahatçylaryň sany bolsa 236,77 göterim artdy.

 

 



Degişli Habarlar