Türkiýäniň zenanlar topary Bütindünýä Boks çempionatynda çempion boldy
Stambul şäherinde geçirilen Zenanlaryň arasyndaky Bütindünýä Boks çempionatynda, Türkiýe topar görnüşinde çempion boldy
Buse Naz Çakyrogly, Hatije Akbaş, Busenaz Sürmeneli we Şennur Demir düýn geçirilen çempionatyň final tutluşygynda altyn medala eýe boldylar.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Zenanlaryň arasyndaky Bütindünýä Boks çempionatynda 5 altyn we 2 bürünç medala eýe bolan we topar görnüşinde çempion bolan milli türgenleri gutlady.
Prezident Erdogan Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiýäniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilen Zenanlaryň arasyndaky Bütindünýä Boks çempionatynda 5 altyn we 2 bürünç medal bilen taryh ýazan, topar görnüşinde çempion bolan milli türgenlerimizi hem öz adymdan hem-de milletiň adyndan gutlaýaryn. Indi mundan soňky maksat Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary" diýip belledi.
Prezident Erdogan milli türgenlere we tehniki komitede jaň edip, olary gutlady.