Spor Toto Super Liganyň çempiony Trabzonspor komandasy boldy

Trabzonspor komandasynyň janköýerleri çempionlygyny meýdançalarda belläp geçdiler

1821086
Spor Toto Super Liganyň çempiony Trabzonspor komandasy boldy
trabzonspor.jpg
istanbul bordo mavi.jpg
trabzonspor.jpg

Spor Toto Super Liganyň 35-nji hepdesinde öz meýdançasynda Fraport TAV Antalýaspor komandasy bilen 2-2 deňme-deň galan Trabzonspor komandasy 2021-2022 fotbol möwsüminiň tamamlanmagyna 3 hepde galanda çempion boldy.

Trabzonspor komandasynyň gollaryny garşydaş toparyň derwezesine 3-nji minutda Kornelius we 63-nji minutda  Dorukhan geçiren bolsa,  Fraport TAV Antalýaspor komandasynyň gollaryny bolsa 51-nji minutda Ndao we 80-nji minutda Wright geçirdi. 

Şol netije bilen balyny 77-ä ýetiren we liganyň tamamlanmagyna 3 hepde galanlygyna garamazdan 2-nji orunda gelýän Fenerbahçe bilen arasyndaky bal tapawudyny 9 ýetiren Trabzonspor çempionlygyny kepillik astyna aldy.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan we TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop sosial media hasaplaryndan Spor Toto Super Liganyň 2021-2022 fotbol möwsüminiň çempiony Trabzonspor komandasyny gutladylar. 

Trabzonspor komandasynyň janköýerleri çempionlygyny meýdançalarda belläp geçdiler. 

Spor Toto Super Liganyň 2021-2022 fotbol möwsüminiň çempiony Trabzonspor üçin Stambuldaky 15-nji iýul Şehitler köprüsi we Fatih Soltan Mehmet köprüsi klubyň reňkleri bilen şöhlelendirildi. 



Degişli Habarlar