Andželina Džoli Ukraina bardy

BMG-nyň hoşniýetlilik ilçisi we aktrisa Andželina Džoli, söweşiň dowam edýän Ukraina barandygy mälim boldy

1821010
Andželina Džoli Ukraina bardy

Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşi dowam edýärkä, BMG-nyň hoşniýetlilik ilçisi we aktrisa Andželina Džoliniň Ukrainanyň Lwow şäherine guran sapary bilen bagly surat we wideo materiallar sosial mediada paýlaşyldy. 

Materiallarda meşhur aktrisa Andželina Džoliniň Lwow şäherindäki kafeleriň birine barandygyny we ol ýerdäki adamlara bilen surata düşendigini görüp bolýar. 

Şäheriň köçelerinde ýöriş eden Andželina Džoliniň, sirenalaryň ýaňlanmagyndan soň howpsuz ýere gaçmagy hem ünsleri özüne çekdi. 

Andželina Džoliniň söweş mahaly Ukraina sapar guramagy ünsleri özüne çekdi. 



Degişli Habarlar