Müsürde Rim Döwründen Galan Ybadathana Tapyldy

Müsüriň Sina ýarym adasynda b.e.ozalky 30-ncy, biziň eýýamymyzyň 395-nci ýyllary aralygynda ýurtda höküm süren Rim imperiýasy döwründen galan ybadathananyň galyndysy tapyldy.

1818287
Müsürde Rim Döwründen Galan Ybadathana Tapyldy
misir roma imparatorlugu kalintilar1.jpg
misir roma imparatorlugu kalintilar.jpg

Müsüriň Syýahatçylyk ministrliginiň sosial media sahypasyndan bu barasynda beýannama berildi.

Beýannamada müsürli arheologlaryň barlaglary neticesinde Rim imperiýasy döwründe tanry kabul edilýän Zews Kassiusa degişli ybadathananyň galyndylarynyň tapylandygy habar berildi.

Ybadathananyň taryhda sebitde bolan ýer titremesinde ýykylandygy, ybadathanyň gapysynda iki granit sütün bilen birnäçe daş bloguň bardygy mälim edildi.

Beýannamada aýratynam 1910-ncy ýylda fransuz arheologlary tarapyndan tapylan gadymy grek ýazuw ýadygärliklerinden şol ybadathana hakynda maglumat edinilendigi, emma ybadathananyň şu günki güne çenli tapylmandygy nygtalýar.

Ybadathananyň abatlanmagy üçin işe girişilendigi habar berildi.



Degişli Habarlar