Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 1 milliondan geçdi

Dünýäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri hökmünde hasaplanýan Antalýa şäherine howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany 23-nji aprele çenli 1 million adamdan geçdi

1817262
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 1 milliondan geçdi

Deňizi, gumy, güni ýaly taryhy we tebigy gözellikleri bilen dünýäniň çar tarapyndan syýahatçylary özüne çekýän Antalýa ýylyň her möwsüminde myhmanlary kabul etmäge dowam edýär. 

Epidemiýa garamazdan Ortaýer deňizindäki beýleki bäsdeşlerine garanyňda has köp syýahatçy kabul eden Antalýa, 2022-nji ýyla hem gowy görkezijiler bilen başlady. 

Antalýanyň gubernatorlygynyň welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürligi tarapyndan berilen maglumata görä, 1-nji ýanwar-23-nji aprel aralygynda howa ýollary arkaly Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 1 million 18 müň 246 adama ýetdi. 

Şäherdäki syýahatçylyk hereketliliginiň artyp dowam etmegine garaşylýar. 



Degişli Habarlar