UEFA Ýewropa ligasynyň çärýek final oýunlary şu gün oýnalar

UEFA Ýewropa ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň çärýek final tapgyry şu gün geçiriljek duşuşyklar bilen başlar

1808387
UEFA Ýewropa ligasynyň çärýek final oýunlary şu gün oýnalar

Ýewropa futbolynyň klublar derejesindäki iň uly 2-nji çäresi bolan UEFA Ýewropa ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň çärýek final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 7-nji aprelde, jogap duşuşyklar bolsa 14-nji aprelde geçiriler. 

UEFA Ýewropa ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň çärýek final tapgyrynda geçiriljek duşuşyklar we olaryň wagtlary:

19.45 Leýpsig (Germaniýa) - Atalanta (Italiýa)

22.00 Aýntraht Frankfurt (Germaniýa) - Barselona (Ispaniýa)

22.00 West Ham (İngiltere) - Olimpik Lion (Fransiýa)

22.00 Braga (Portugaliýa) - Reýnjers (Şotlandiýa) 

UEFA Ýewropa ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň ýarym final tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 28-nji aprelde, jogap duşuşyklar bolsa 5-nji maýda geçiriler. 

UEFA Ýewropa ligasynyň 2021-2022 futbol möwsüminiň final tapgyry bolsa Ispaniýanyň Sewilýa şäherindäki Ramon Sançes Pizhuan stadionynda geçiriler. 



Degişli Habarlar