Ýalowa Şypaly Suwlary Bilen Ýerli we Daşary Ýurtly Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekýär

5 müň adamlyk 17 desga şypaly suwlary bilen her ýyl müňlerçe adamy myhman alýar.

1768069
Ýalowa Şypaly Suwlary Bilen Ýerli we Daşary Ýurtly Syýahatçylaryň Ünsüni Özüne Çekýär

Türkiýäniň ýyly suwly syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Ýalowanyň şypaly sanatoriýalaryna geçen ýyl 500 müňe golaý syýahatçy geldi.

Ýalowa şypaly suwlary bilen ýerli we daşary ýurtly syýahatçylara uly mümkinçilikler hödürleýär.

Şäherde Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan bellige alynan 5 müň adamlyk 17 desga şypaly suwlary bilen her ýyl müňlerçe adamy myhman alýar.

Rim, Wizantiýa we Osmanly döwleti döwürlerinde hem şypaly suwlary bilen ýakyndan tanalan Ýalowa 2021-nji ýylda ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Eýranyň, İordaniýanyň, Russiýanyň we Gresiýanyň başda durmagynda dünýäniň çar tarapyndan 120 müňe golaý daşary ýurtly syýahatçy geldi.

Ýerli syýahatçylar bilen birlikde Ýalowanyň şypaly suwlaryna gelen syýahatçylaryň jemi sany bolsa 500 müňe golaýlady.



Degişli Habarlar