Türkiýe ÝUNESKO-nyň Sanawyndaky 5 Ýurtdan Biri

Türkiýäniň BMG-nin Ylym, bilim we medeniýet düzüminiň (ÝUNESKO) Konkret däl medeni miras sanawyna goşduran 21 eser bilen iň köp medeni gymmatlygy bellige aldyran 5 ýurtdan biridigi habar berildi.

1761227
Türkiýe ÝUNESKO-nyň Sanawyndaky 5 Ýurtdan Biri

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý paýtagt Ankarada geçirilen “Ýaşaýan ynsan hazynalary-Gelejege ýetirilýän mirasyň wekilleri” baýrak gowşurlyş dabrasynda çykyş etdi.

Ersoý müňlerçe ýyldan bäri ençeme medeniýete ýer eýeçiligini eden topraklaryň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen elmydama öňdebaryjy bolmagyň hötdesinden gelendigini beýan etdi.

Ministr Ersoý alynyp barylan işleriň netijesinde Türkiýäniň konkret dälmedeni miras boýunça nusgawy ýurtdan birine öwrülendigini nygtap; “ÝUNESKO-nyn Konkret däl medeni miras sanawyna goşuşan 21 eser bilen iň köp medeni gymmatlygy bellik etdiren 5 ýurtdan biri bolduk” diýdi.

Ersoý; “Aýratynam 2021-nji ýylyň mart aýynda ÝUNESKO-nyn Adamzadyň konkret däl medeni mirasynyň sanawyna köpmilletli häsýetde goşulan “Çaý medeniýeti: Şahsyýet, myhmansyýerlik we sosial sinteziň simwoly”, “Ýüpek gurçugy we dokma üçin ýüpegiň adaty önümçiligi”, “Nasreddinn Hojanyň degişmelerinin gürrüň berliş däbi” bilen Gyssagly gorag astyna alynmaly konkret däl medeni miras sanawyna Türkiýe tarapyndan hödürlenen “Ahlat daş sünnäleme hünäri” hem 2022-nji ýylda ÝUNESKO tarapyndan seljeriler” diýdi.



Degişli Habarlar