Gremmi Baýraklarynyň Gowşurlyş Dabarasy Yza Süýşürildi
Gremminiň 22-nji ýyldaky baýrak gowşurlyş dabarasy Kowid-19-yň “Omikron” wariantynyň ýüze çykaran howpy sebäpli yza süýşürildi.
1758019

Gremmi baýraklarynyň resmi sahypalaryndan berilen beýannamada 31-nji ýanwarda ABŞ-nyň Los Anželes şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilen dabaranyň tomaşaçylara we işgärlere howp salmazlyk üçin yza süýşürilendigi habar berildi.
Beýannamada; “Sazyň iň dabaraly agşamyny golaýda yglan ediljek günde belläp geçmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýilýär.
Gremmi baýraklary geçen ýyl hem Kowid-19 pandemiasy sebäpli 2021-nji ýylyň 14-nji martynda guralan barada berilipdi.