Syýahatçylyk Pudagy 2022-nji Ýyldan Umytly

Türkiýede dynç almagy meýilleşdirýän daşary ýurtlularyň rezerwasiýalary syýahatçylyk pudagynyň wekillerini 2022-nji ýyl üçin umytlandyrdy.

1757375
Syýahatçylyk Pudagy 2022-nji Ýyldan Umytly

Türkiýäniň Myhmanhanalar Federasiýasynyň Başlygy Sururi Çorabatyr metbugata beren beýannamasynda Türkiýänin geçen 29 million, syýahatçylykda “witrina” hökmünde häsýetlendirilýän Antalýanyň bolsa 9 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul edendigini aýtdy.

Çorabatyr pudagyň 2021-nji ýyly, 2020-nji ýyla garalanda has gowy geçirendigini beýan etdi.

Kenarýaka zolagyndaky hereketliligiň gyş paslynda lyža we ýyly suwly merkezlere tarap süýşendigine ünsi çeken Çorabatyr kenarýaka etraplarynda esasan maslahatlar, ýygnaklar we sport syýahatçylygynyň öňe saýlanýandygyny nygtady.

Pudagyň üstümizdäki ýyldan has umytlydygyny beýan eden Çorabatyr 2019-njy ýylda Antalýa 16 milliona barabar syýahatçynyň gelendigini ýatladyp; “2022-nji ýylda tamamyz uly. Rezerwasiýalara seredilende 2019-njy ýylda sanlara ýetjekdigimizi çaklaýarys. Noýabrdan bäri hem syýahatçylyk gulluklary hem-de syýahatçylyk operatorlary bilen geçirilen duşuşyklarda Britaniýadan, germaniýadan, Polşadan, Russiýadan, Ukrainadan we Çehiýadan ýaz aýlary üçin gowy habarlar aldyk. Esasanda ýurdumyz üçin artýan rezerwasiýalar biziň üçin begendiriji. Türkiýede 2022-nji ýylda-da özbolyşly ýurt bolmaga dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar