Stambula 1 Aýda 1 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi

Stambula gelen aýlyk syýahatçy sany oktýabr aýynda 1,152,771 adama ýetdi.

1741454
Stambula 1 Aýda 1 Milliondan Gowrak Syýahatçy Geldi

Şol mukdar soňky iki ýylyň iň ýokary görkezijisi boldy.

Stambulyň welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä şähere gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany ýylyň 10 aýynda 6,9 milliondan geçdi.

Stambul şäherine oktýabr aýynda 1,152,771 syýahatçy geldi.

Syýahatçy sany oktýabr aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 116 göterim artdy.

Stambula gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň hatarynda 102,2 müň syýahatçy bilen eýranlylar birinji orny eýeledi.

Nobaty bilen rus, nemes, fransuz, iňlis, yrakly, amerikaly, ukrain syýahatçylary hem Stambula gelmegi saýlap aldylar.



Degişli Habarlar