Antalýa 8,6 Million Syhahatçy Geldi

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Antalýa ýylyň 10 aýynda koronawirus pandemiýasyna garamazdan 8,6 million syýahatçy geldi.

1728161
Antalýa 8,6 Million Syhahatçy Geldi

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň başlangyjy boýunça pandemiýa tapgyrynda myhmanhanalarda we syýahatçylyk desgalarynda Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy maksatnamasyny iş ýüzüne geçiren Antalýa “sagdyn we howpsuz” syýahatçylygyň merkezine öwrüldi.

Kowid-19 sebäpli geçen ýyly 3,5 million syýahatçy bilen tamamlan Antalýa sanjymlanma mukdarynyň artmagy we syýahatçylyk çäklendirmeleriniň bes edilmegi bilen şu ýyl syýahatçylaryň üns merkezine öwrüldi.

3,5 aýyň dowamynda hepdäniň dynç alyş günlerinde ortaça 100 müň daşary ýurtly syýahatçyny kabul eden şähere 10 aýyň dowamynda, 8,6 million syýahatçy geldi.

Şäher gelen syýahatçylaryň milletine görä birinji orny Russiýa eýeledi. Russiýada 10 aýyň dowamynda 3,4 million syýahatçy geldi.

Ukrainadan bolsa 1,2 million syýahatçy Türkiýede dynç aldy.



Degişli Habarlar