Sewen Seas Splendor Gämisi Kuşadasyna Geldi

224 metrlik kruiz gämisi esasy bölegi Amerikaly 362 ýolagçysy bilen Kuşadasy portuna geldi.

1725224
Sewen Seas Splendor Gämisi Kuşadasyna Geldi

Dünýäniň iň uly we döwrebap kruiz gämilerinden biri bolan Sewen Seas Splendor gämisi Türkiýedäki ilkinji saparyny Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna gurady.

Içinde teatry, kino film zaly, açyk we ýapyk ýüzme howuzy, naharhanalary, söwda merkezi we saunasy bolan 224 metrlik kruiz gämisi esasy bölegi Amerikaly 362 ýolagçysy bilen Kuşadasy portuna geldi.

Izmiriň Selçuk etrabynda ýerleşýän Gadymy Efes şäherine, Bibi Merýemiň öňüne baryp gören ýolagçylaryň bir bölegi Kuşadasynyň bazaryndan ýadigärlik sowgatlyk aldy.

Ertir Stambula gitjek gämi, ýolagçy çalşygyndan soň 30-njy oktýabrda Kuşadasy portuna gaýdyp geler.


Etiketkalar: #Kuşadasy , #ýolagçy , #okrug

Degişli Habarlar