Kruiz Gämileri Kuşadasyna Gelmäge Dowam Edýär

Azamara Journeý atly kruiz gämisi 550 ýolagçysy bilen Kuşadasyna geldi.

1722013
Kruiz Gämileri Kuşadasyna Gelmäge Dowam Edýär

Kruiz gämileri Aýdynyň Kuşadasy etrabyna gelmäge dowam edýär.

Soňky gezek Maltanyň baýdagyny göterýän Azamara Journeý atly kruiz gämisi 550 ýolagçysy bilen Kuşadasyna geldi.

Kruiz gämisiniň syýahatçylary gadymy Efes şäherine, Bibi Merýemiň öýüne we Şirinje obasyna baryp gördi.

Syýahatçylaryň bir bölegi bolsa bazardan ýadigärlik sowgatlar aldy.

Kruiz gämileriniň üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Kuşadasyna gelmäge dowam etjekdigi nygtalýar.



Degişli Habarlar