Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 8 milliondan geçdi

Antalýa şu ýyl gelen stýahatçylaryň sany 8 million 38 müň 761 adama ýetdi

1721161
Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 8 milliondan geçdi

Antalýa welaýatynyň häkimliginden berilen beýanatda, Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginden alynan maglumata görä şähere gelen syýahatçylaryň sanynyň artmaga dowam edýändigi mälim edildi. 

Oktýabr aýynyň ilkinji 17 gününde şähere gelen syýahatçylaryň sanynyň 1 million adamy geçendigi bellenen beýanatda: "Geçen ýylyň 1-nji ýanwary bilen 17-nji oktýabry aralygynda 3 million 70 müň 854 syýahatçy gelen Antalýa, şu ýylyň şol döwründe 8 million 38 müň 761 adam dynç almaga geldi. Alynan maglumata görä ýanwar aýyndan bäri Antalýa howa ýollary arkaly gelen syýahatçylaryň sany geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 162 göterim artdy" diýip habar berildi. 

Beýanatda oktýabr aýynyň 17 günlük böleginde şähere gelen syýahatçylaryň sanynyň, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 105 göterimlik artyşyň bolandygy mälim edildi. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #Antalýa

Degişli Habarlar