Rümeýsa Gelgi Dünýäniň Iň Uzyn Boýly Zenany Derejesini Aldy

Dünýäniň iň uzyn boýly erkegi hem Türkiýeden.

1719156
Rümeýsa Gelgi Dünýäniň Iň Uzyn Boýly Zenany Derejesini Aldy

“Sputnik” habarlar gullugynyň mälim etmegine görä Karabük welaýatynyň Safranbolu etrabynda ýaşaýan 24 ýaşly Rümeýsa Gelgi 2 metr 15 santimetr boýy bilen dünýäniň iň uzyn boýly zenany hökmünde Ginesiň rekordlar kitabyna girdi.

2014-nji ýylda-da iň uzyn ýaş zenan derejesini alan Rümeýsa, maý aýynda geçrilen ölçeglerden soň bosla dünýäniň in uzyn boýly zenany boldy.

Boýuň, aşa uzamagyna sebäp bolýan wiwer sindromuny sezewar bolan Gelgi, hassalygy sebäpli tekerli oturgyçdan we kömek beriji enjamlardan peýdalanýar.

Dünýäniň iň uzyn boýly erkegi hem Türkiýeden.

Sultan Kösen 2 metr 51 santimetr boýy bilen dünýäniň in uzyn boýly erkegi derejesini alyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.



Degişli Habarlar