Ankara Jaz Festiwaly Ertir Başlaýar

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň hemaýa bermeginde Jaz jemgyýeti tarapyndan guralýan 25-nji Halkara Ankara Jaz Festiwaly ertir başlaýar.

1718985
Ankara Jaz Festiwaly Ertir Başlaýar

Ministrlikden berilen beýanama görä festiwal şu ýyl “Jazda birsydyrgynlyk” temasy bilen geçirilýär. Jazyň uzak möhletli işlenmeginiň ähmiýetine we onuň kynçyyklaryna üns çekiljek festiwalda ähli çäreler sosial aralyk, agyz-burun örtügi ýaly düzgünlere laýyklykda guralar.

Ýerli sungat ussatlary bilen birlikde 4 ýurtdan sazandalaryň gatnaşmagyndaky westiwalyň açylyş konsertini Harby howa güýçlerinin Jazyň bürgütleri orkestri berer. Orkestra Ýyldyz İbrahimowa solistlik eder.

Jaz jemgyýeti 25-nji ýyl törite baýragy jaz ussady Tuna Öztenele gowşurylar.

Festiwalyň çäginde italian kompozitory we pianisti Remo Anzowino we akordionçysy Gianni Fassetta bilen bilelikde berjek konsertinde JerModernde jazsöýerler bilen duşular.

Sungaty söýüjiler 14-24-nji oktýabr aralgynda festiwalyň çärelerine tölegsiz gatnaşyp bilerler.



Degişli Habarlar