Türkiýe, Latwiýany 2-1 Hasabynda Ýeňdi

Türkiýäniň milli ýygyndygy duşuşykda bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

1718355
Türkiýe, Latwiýany 2-1 Hasabynda Ýeňdi

Türkiýäniň Milli ýygyndy fotbol komandasy 2022 Dünýä kubogynyň seçip alyş bäsleşiginde 8-nji duşuşygyny Latwiýanyň milli ýygyndysy bilen geçirdi.

Türkiýäniň milli ýygyndygy duşuşykda bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňmegi başardy.

Aý-ýyldyzly komandanyň gollary 75-nji minutda Serdar Dursun we 90+9 minutda Burak Ýylmazdan geldi.

Toparyndaky soňky iki duşuşygynda üstünlik gazanan Türkiýäniň Milli ýygyndy fotbol komandasy şeýlelikde balyny 15-e ýetidi.

Türkiýe toparyndaky 9-njy duşuşygyny 13-nji nyýbarda Jebelitaryk bilen geçirer.

Türkiýäniň Milli ýygyndy fotbol komandasynyň ýeňişinden soň komandanyň türgenleşdirijisi Stefan Kunts duýguly pursatlary başdan geçirdi.

Türkiýäniň Milli ýygyndy fotbol komandasy 97 ýyl soň Latwiýanyň milli ýygyndysyny ýeňmegi başardy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar