Formula 1-iň Türkiýe Gran-Prisi Ertir Başlaýar

Epidemiýa sebäpli Formula-1-e gatnaşjak janköýerleriň sany azaldyldy.

1716811
Formula 1-iň Türkiýe Gran-Prisi Ertir Başlaýar

Formula-1 çempionady, Stambulyň ýer eýeçiliginde geçiriljek Türkiýe Gran-Pri tapgyry bilen dowam eder.

Epidemiýa sebäpli Formula-1-e gatnaşjak janköýerleriň sany azaldyldy.

Satuwa çykarlan 100 müň bilediň dolulygyna diýen ýaly satylandygy habar berildi.

Möwsümiň 16-njy etaby Stambula Park meýdançasynda ertir Türkiýe wagty bilen 15.00-da başlar.

Ýaryş bolsa 10-njy oktýabrda ýekşenbe güni 15.00-da başlar.

Formula 1-iň Türkiýe Gran-Prisi tapgyryna tomaşa etmek üçin 40 müňe golaý daşary ýurtly janköýeriň Stambula gelmegine garaşylýar.

Formula 1-iň Türkiýe Gran-Prisine 70-y daşary ýurtly bolmak bilen 100-den gowrak metbugat işgäri gatnaşar.



Degişli Habarlar