Türk Dili baýramy Rumyniýada türk dilinde geçirilen çäre bilen bellenilip geçildi

Ýunus Emre instituty Türk Dili baýramyny Rumyniýada türk dilinde geçirilen çäre bilen belläp geçdi

1710551
Türk Dili baýramy Rumyniýada türk dilinde geçirilen çäre bilen bellenilip geçildi

Ýunus Emre instituty 26-njy sentýabr Türk Dili baýramy we Ýewropa Dilleri Güni mynasybetli Rumyniýada türk diliniň tanyşdyrylan çäre geçirdi. 

Ýunus Emre instituty tarapyndan berilen beýanata görä, ýurdyň paýtagty Buharest şäherinde geçirilen çärä gatnaşan adamlaryň, türk sözlerini öwrenmek bilen birlikde özlerine hödür-kerem edilen Türkiýä mahsus bolan datlylary datmak mümkinçilikleri boldy. 

Biri-birinden tapawutly ýaryşlaryň geçirilen çärede, tapawutlananlara Türkçe bilim berýän materiallar we hekaýalar sowgat berildi, bije çekilip kesgitlenen 2 adam bolsa Türk dili kursunda okamaga mümkinçilik gazandy. 

Beýanatda 2021-nji ýylyň "Ýunus Emre we Türk dili ýyly" bolmagy mynasybetli geçirilen çärede parahatçylyk ýüzlenmeleriniň berilendigi habar berildi. 



Degişli Habarlar