Erdogan Türk Dil Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Prezident R.T.Erdogan janly elementlerden biri bolan dili kämilleşdirmek, goramak we ösdürmek üçin türk diliniň gepleşikde ulanyşyna üns çemeleşmäniň dowam etmelidigini nygtady.

1710409
Erdogan Türk Dil Baýramy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Prezident Erdogan 26-njy sentýabr Türk dil baýramy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde dünýäniň belli dillerinden biri bolan türk diliniň milli ruhuň emele gelmeginde, milli şahsyýetiň ýüze çykmagynda we ýaşadylmagynda başlangyç faktor bolup durýandygyny beýan etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde; “Dilimiziň ähli baýlyklaryny jebisleşdiriji düşünje bilen türkçämize  eýe çykmagyň ähmiýeti uludyr. Ýaşaýan element bolan dilimizi baýlaşdyrmak, goramak we ösdürmek üçin türk diliniň ulanylmagyna ünsli çemeleşeliň. Tehnologiýanyň çalt depginde ösýän, digitallaşmanyň durmuşyň ähli pudaklarynda orun eýeleýän döwründe dilimizi ähli özboluşlygy bilen goralyň. Türk diliniň sungat, edebiýat, ylym we bilim dili hökmünde ulanylmagynyň ýany bilen dilimiziň baýlygyny hem-de çuňlugyny özünde jemleýän sözli we edebi eserleriň ýazylmagy, baý dil mirasymyzy gelejek nesillere ýetirmegiň hem-de türk diliniň ygtybaryny beýgeltmegiň esasy başlangyjy bolar” diýdi.

Prezident Erdogan türk diliniň ajaýyp özboluşlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmegine goşant goşan ähli söz ussatlaryny, köňül ärlerini, ýazyjydyr şahyrlary hatyralap, Türk dil baýramynyň türk diliniň ýaşadylmagy, gelejek nesillere ähli özboluşlygy hem-de çuňlugy bilen ýetirilmegi üçin möhüm başlangyç bolmagyny arzuw etdi.



Degişli Habarlar