Fahrettin Altun “Ýylyň Kommunikasion sylagyna” laýyk görüldi

Fahrettin Altun: “Bu sylag üçin zähmet çeken, gijesini gündiz edip işlän ähli egidenşlerime minnetdarlyk bildirýärin” diýdi

1706781
Fahrettin Altun “Ýylyň Kommunikasion sylagyna” laýyk görüldi

“Ýylyň Kommunikasion sylagyna” laýyk görülen Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun: “Bu sylag üçin zähmet çeken, gijesini gündiz edip işlän ähli egidenşlerime minnetdarlyk bildirýärin” diýdi

Fahrettin Altun “Kommunikasiýalar ugrundaky işleri bilen täze bir görüş maksatnamasyny özgertmegine goşant goşmagy” mynasybetli, “Ýylyň Kommunikasion sylagyna” laýyk görüldi.

Altun, sylagyny düýn agşam paýtagt Ankara şäherindäki Prezidentiň kompleksinde Anadoly neşirýat jemgyýeti tarapyndan geçirilen “VI Anadoly Media sylaglary” dabarasynda Prezident Rejep Taýýip Erdogandan aldy.

Fahrettin Altun, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Anadoly neşirýat jemgyýetine minnetdarlyk bildirip: “Kommunikasiýalar ugrundaky işlerimiz sebäpli bizi sylaga laýyk gören Anadoly neşirýat jemgyýetine minnetdarlyk bildirýärin. Bu gymmatly sylagy Prezidentimiziň elinden almak bolsa biziň üçin aýratyn bir ylham çeşmesi boldy. Bu sylag üçin zähmet çeken, gijesini gündiz edip işlän ähli egidenşlerime minnetdarlyk bildirýärin. Ähli egindeşlerim bilen hormatly Prezidentimiziň ygtyýary we görüşiniň çäginde arman-ýadaman zähmet çekmäge dowam ederis” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar