Gadymy Efes Şäherine Gelen Syýahatçylaryň Sany Köpelýär

Gadymy Efes şäherine gelen syýahatçylaryň sany 91 göterim artdy

1697785
Gadymy Efes Şäherine Gelen Syýahatçylaryň Sany Köpelýär

Izmir welaýatynda ýerleşýän gadymy Efes şäherine gelen syýahatçylaryň sany ýanwar aýynyň 1-i bilen iýul aýynyň 31-i aralygynda 91 göterim artdy.

Dünýäniň tanymal gadymy şäherlerinden biri bolan we BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO tarapyndan Dünýäniň medeni miras sanawyna alynan gadymy Efes şäherine täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli 2020-njy ýylyň 7 aýlyk döwründe 178 müň syýahatçy gelipdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe şähere gelen syýahatçylaryň sany 91 göterim artdyp 340 müň adama ýetdi.

Gadymy Efes şäherine ABŞ-dan Ýewropa ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany gün saýyn köpelýär.



Degişli Habarlar