Antalýa şu ýyllyň ilkinji 7 aýynda 3 million 396 müň syýahatçy geldi

Myhmanhanalaryň dolulyk görkezijileri geçen ýyla garanyňda gowy görkezijlere eýe bolmagy pudagyň wekillerini şatlandyrýar

1688719
Antalýa şu ýyllyň ilkinji 7 aýynda 3 million 396 müň syýahatçy geldi

Dünýäniň möhüm syýahatçylyk zolaklarynyň biri hasaplanýan we koronawirus epidemiýasy tapgyrynda saglykly we howpsuz syýahatçylygyň salgysy bolan Antalýa şu ýylyň ilkinji 7 aýynda 3 million 396 müň syýahatçy geldi.  

Deňizi, gumy, güni, döwrebap myhmanhanalary, aýlaglary, taryhy şäherleri we syýahatçylyk mekanlary bilen meşhur bolan Antalýa, dünýäniň biri-birinden tapawutly ýurtdan gelýän syýahatçylara gujak açýar. 

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň koordinasiýasynda Kowid-19 tapgyrynda başladylan "Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamalandyryş programmasynyň" çäginde saglykly we howpsuz dynç alyşyň salgysyna öwrülen Antalýa şäheri, kabul edýän syýahatçy sany taýdan syýahatçylygyň paýtagty hökmünde häsýetlendirilýär. 

Myhmanhanalaryň dolulyk görkezijileri geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende gowy görkezijlere eýe bolmagy pudagyň wekillerini şatlandyrýar. 

Welaýat Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň berýän habaryna görä, geçen ýylyň 1-nji ýanwar-31-nji iýul aýlary aralygynda 760 müň 203 syýahatçy gelen Antalýa şu ýyl şol wagt aralygynda 3 million 396 müň 7 syýahatçy geldi. 

Russiýa 1 million 127 müň 716 syýahatçy bilen şähere iň köp syýahatçy ugradan ýurt boldy. 

Ukraina 670 müň 930 syýahatçy Antalýa ugradan bolsa, Germaniýa 389 müň 405 syýahatçy, Polşa 175 müň 570 syýahatçy, Gazagystan bolsa 98 müň 683 syýahatçy ugratdy. 



Degişli Habarlar